Turkmenportal logo
08.07.23
2153621536
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hekem» HK awtoulag serişdelerine baha kesmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
«Hekem» HK awtoulag serişdelerine baha kesmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

«Hekem» hususy kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň hataryna müşderiler tarapyndan aýratyn talap edilýän awtoulag serişdelerine baha kesmek hyzmaty hem girýär. Şunuň bilen baglylykda, «Hekem» HK-nyň hünärmenleri ýygy-ýygydan berilýän soraglara düşündiriş berýärler.


Ilki bilen, awtoulag serişdesi düşünjesiniň nämäni aňladýandygyna anyk düşünmeli. «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistan Kanunynyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, awtomobil ulaglaryna ýeňil awtoulaglar we ýük awtoulaglary, gurluşyk tehnikalary, ýolagçy awtobuslary, oba hojalyk traktorlary we kombaýnlar degişlidir.


Ulaglara baha kesmek näme üçin zerur?


Köp halatlarda awtoulaga baha kesmegiň maksady bankdan alnan karz üçin girewi üpjün etmekdir.


Ýuridiki şahs üçin ulagy baha kesmek aşakdaky ýagdaýlarda zerur bolup biler:


- buhgalterçilik hasabatyny Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartyna laýyklykda düzmek üçin emläk gaýtadan bahalandyrylanda;
- baha kesmegiň obýekti kärhananyň esaslyk maýasyna goýum hökmünde geçirilende.


Şeýle hem baha kesmegiň maksady miras ýa-da emläk bölünişigi bilen baglanyşykly emläk jedelleri bolup biler.


Awtoulagy bahalandyrmak işi nämeleri öz içine alýar?


Awtoulag serişdesine baha kesmek işi halkara standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. «Hekem» HK-nyň baha kesijileri baha kesmek işine başlamagy üçin telefon arkaly haýyşnama bilen ýüz tutmak hem-de baha kesmegiň obýektini gözden geçirmegiň ýerini we wagtyny ylalaşmak ýeterlikdir.


Barlag wagtynda: awtoulagyň enjamlary, gabarasynda daşarky zeperlenmeleriň barlygy ýa-da ýoklugy, tekerleriň ýagdaýy, odometriň görkezijisi (geçilen aralyk), VIN kodlarynyň gabat gelmegi, hereketlendirijiniň tehniki pasport görkezilen belgileri bellige alynýar. Barlag fotosuratlar we ykrarnama arkaly bellige alynýar.


Ähli kemçilikler barada ylalaşandan we sargyt ediji tarapyndan zerur resminamalar berlenden soň şertnama baglaşylýar hem-de ulag serişdesi bahalandyrmak işi geçirilär.


Awtoulaga baha kesmek üçin zerur resminamalar


Baha kesmek üçin aşakdakylar tabşyrylmalydyr:


- awtoulagyň tehniki pasporty;
- fiziki şahs üçin eýesiniň pasporty ýa-da ynamdar wekiliň notarial edara tarapyndan tassyklanan ynanç haty;
- ýuridiki şahs üçin kärhananyň hasaba alyş resminamalary.


Baha kesmek boýunça işleriň möhletleri


Ähli zerur resminamalaryň we maglumatlaryň öz wagtynda berilmegi bilen, ulaga baha kesmegiň möhleti, adatça, 3 sagatdan 1 iş gününe çenli dowam edýär.


Buýruja berilýän baha kesmek hakynda resminamalaryň bukjasy


1. Baha kesmek hakynda netijenama. Bu resminama baha kesmegiň obýekti we onuň bazar bahasy barada netijeleri özünde saklaýar.
2. Baha kemäge düşünmek üçin zerur maglumatlary öz içine alýan baha kesmek hakynda hasabat. Onda baha kesijiniň baha kesmegiň obýektiniň bahasy hakynda pikiri takyk, göni manyda beýan edilýär. Hasabatda baha kesmek işi, ulanylan usullar we çemeleşmeler, şonuň esasynda geçirilen seljerme we hasaplamalar barada doly maglumat saklanýar.
3. Goşundy haty
4. Baha kesmek hyzmatlaryny bermek hakynda şertnama.
5. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň delilnamasy.


Ulaga baha kesmek hakynda hasabat nähili resmileşdirilýär?


Baha kesmek hakynda hasabat 20 ýa-da ondan hem köp sahypadan ybarat resminamasydyr. «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistan Kanunynyň 21-nji maddasynyň 7-nji bölümine laýyklykda, baha kesmek hakynda hasabata baha kesmegi amala aşyran baha kesiji tarapyndan gol çekilmelidir, ol sahypalaýyn belgilenmelidir, çatylmalydyr we baha kesmegi ýerine ýetirijiniň ýolbaşçysynyň möhüri we goly bilen berkidilmelidir. Eger baha kesmek baha kesmegiň obýektiniň düzümine girýän baha kesmegiň dürli obýektleri boýunça baha kesijileriň birnäçesi tarapyndan geçirilen bolsa, hasabata her bir baha kesiji tarapyndan, özüniň baha kesmegi geçiren obýektini görkezmek bilen, gol çekilýär.


Awtoulaga baha kesmek hakynda hasabata haýsy resminamalar goşulýar


Ulaga baha kesmek hakynda hasabata baha kesijiniň baha kesmegi geçiren döwründe peýdalanan resminamalarynyň nusgalary goşulýar. Hasabatyň ýany bilen hökmany suratda buýrujy tarapyndan berlen awtoulag we onuň eýesi hakynda resminamalar, gözden geçirmegiň ykrarnamasy we baha kesmegiň obýektiniň fotosuratlary, şeýle hem baha kesiji kompaniýanyň resminamalary – hasaba alyş resminamalary, ygtyýarnamasy, baha kesijileriň hünär dereje şahadatnamalary, ätiýaçlandyryş polisi goşulýar.


Haýsy wagtda ulaga baha kesmek ýuridiki güýje eýe


Baha kesmegiň obýektiniň görkezilen bazar bahasynyň hereket ediş möhleti baha kesmegiň maksatlaryna, bazaryň seljerilmegine we beýleki faktorlara esaslanylyp, baha kesiji tarapyndan özbaşdak kesgitlenýär. Köplenç, bu döwür 3 aýdan 6 aýa çenli dowam edýär.


Baha kesmek boýunça hyzmatlaryň bahasyny nädip tölemeli


Müşderi bilen ylalaşylan hyzmatlaryň bahasy 100% öňünden tölemek şertlerinde, baha kesmek hyzmatlaryny bermek hakynda Şertnamada görkezilýär. Töleg kärhananyň kassasyna nagt pul serişdeleri bilen, ofisdäki töleg terminalynda bank karty arkaly ýa-da görkezilen hasaba bank geçirimi görnüşinde amala aşyrylyp bilner.


Baha kesmek hakynda hasabatda säwlik ýa-da harp ýalňyşlygy ýüze çykarylsa näme etmeli


«Hekem» HK-nyň resminamalarynda säwlikleriň ýa-da harp ýalňyşynyň ýüze çykmak ähtimallygy ýok diýen ýalydyr ýa-da örän pesdir. Buýrujynyň haýsydyr bir nätakyklygy, grammatiki ýa-da harp ýalňyşlygyny tapan ýagdaýynda «Hekem» HK düzedişleriň giriziljekdigini kepillendirýär. Kompaniýanyň hünärmenleri hasabaty özbaşdak alarlar, gysga wagtyň içinde oňa düzedişleri girizerler, şeýle hem çatarlar we möhür basarlar, şondan soň hasabat ýene müşderä geçiriler.


«Hekem» kärhanalaryndan maslahat almak we hödürleýän hyzmatlary boýunça şertnama baglaşmak üçin Aşgabatda aşakdaky salgylarda ýüz tutup bilersiňiz:


  • Aşgabat ş,10 ýyl abadançylyk köçesi, 98-nji jaý, SM Altyn Asyr.
  • Telefonlar: (+993 12) 47 82 54; (+993 12) 47 81 15; (+993 12) 47 88 52.

Şeýle-de okaň: