Turkmenportal logo
02.07.23
3261332613
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda telekeçiler üçin pensiýa gatançlarynyň tölenişi başlandy

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurduň telekeçilerine 2023-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasabat döwrüniň başlanandygyny mälim edýär.


«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli aralykda pensiýa gatançlaryny tölemelidirler.


Pensiýa gatançlary onlaýn ýagdaýda — Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda hem tölenip bilner.