Turkmenportal logo
28.06.23
3229932299
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Supermen» hakynda täze filmde surata düşjek aktýorlar mälim edildi

«Supermen: Miras» atly täze filmde Dewid Korenswet we Reýçel Brosnahen baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrarlar diýip, «Film.ru» habar berýär.


Esasy aktýorlaryň dalaşgärligiň filmiň režissýory we ssenaristi Jeýms Gann tarapyndan tassyklandy. Täze «Supermeni» 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda çykarmak meýilleşdirilýär.


Ssenariýanyň mazmuny baş gahrymanyň gelip çykyşyna we onuň Ýerdäki ýaşaýşyna täzeçe garaýyşdan ybarat bolar.