Turkmenportal logo
22.06.23
2256822568
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Özbegistanda geçiriljek ylgaw ýaryşyna gatnaşarlar

Her ýylyň 25-nji iýunynda bellenilýän Halkara Olimpiýa güni mynasybetli Özbegistanyň 16 şäherinde bilelikde «Yangi Nasaf» atly köpçülikleýin, «Vatan Qalqoni» atly harby-watançylyk ylgawy geçiriler.


Bu çärelere Gaagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň ýeňil atletika klublarynyň türgenleri gatnaşar diýip, «Gazeta.uz» ýazýar.


Daşkentdäki ýaryşlar 1 mil (1609 kilometr), 3 we 10 kilometr, Ferganada, Namanganda, Buharada, Samarkantda we Nukusda 1 mil we 3 kilometr, Andijanda, Nurafşanda, Gülüstanda, Jizakda, Termezde, Nawoide, Karaulbazarda, Karşyda, Güzarda we Ürgençde bolsa 3 kilometr aralyklara ylgaw ýaryşlary geçiriler.


Ýaryşa 9 ýaşdan uly islendik adam gatnaşyp bilýär. Ol ýerli wagt bilen ir sagat 6-da başlanar. Daşkentdäki ylgawa 5 müň 500, Samarkantdaka 2300, beýleki şäherlerdäkä bolsa 2 müň çemesi adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.