Turkmenportal logo
20.06.23
2300723007
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mirza Beknazarowly «Narwa Transyň» Konferensiýalar ligasyndaky ilkinji bäsdeşi belli boldy

Düzüminde Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow hem bolan «Narwa Trans» futbol toparynyň Ýewropanyň Konfederensiýalar ligasynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşy belli boldy.


UEFA-nyň Nýon şäherinde geçiren bije çekişliginden soň «Narwa Trans» Ermenistanyň «Pýunik» topary bilen garşydaş boldy.


Jübütleriň arasyndaky ilkinji duşuşyk 13-nji iýulda Ýerewan şäherinde, jogap duşuşygy bolsa 20-nji iýun güni Estoniýanyň Rakwere şäherinde geçiriler.


21-nji iýunda geçirilen bije çekişligiň netijesinde «Narwa Trans» saýlama tapgyrdan üstünlikli geçen ýagdaýynda indiki garşydaşlarynyň kim boljakdygyny hem bildi.


Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmenistanly ýarym goragçy topar bilen «1+1» ýyllyk şertnama baglaşdy. 22 ýaşly futbolçy Ýewropada futbol oýnamaga rugsat berýän ygtyýarnamany iýun aýynyň başynda aldy.