Turkmenportal logo
20.06.2023
1493414934
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýa dünýäniň iň köp okaýan ýurtlarynyň sanawyna girip biler
Surat: elpais.com

Ispaniýa golaý wagtda dünýäniň iň köp okaýan ýurtlarynyň onlugyna girip biler diýip, «Habar 24» ýazýar. Sebäbi ýurduň ilatynyň kitap okaýan böleginiň paýy soňky üç ýylda 43 göterim artdy. Muňa koronawirus ýokanjy döwründe çäklendirmeler hem sebäp boldy, netijede, Ispaniýanyň ilaty has köp kitap okap başlady diýip, ýurduň Neşirçiler federasiýasy habar berdi.


Bu gün Ispaniýada işjeň okyjylaryň sany 66 göterimden geçýär. Hepdede bir kitap okaýanlaryň paýy 52 göterimi düzýär. Esasan hem, 10-14 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin eserler meşhur.


Dawid Sançew, programmaçy: - Kitap okamaga gyzyklanma mende pandemiýa döwründe döredi. Men kitap okamak bilen beýniňi rahatlandyryp hem-de ünsüňi sowup boljakdygyna düşündim.


Geçen ýyl dünýäde iň köp okaýan millet diýlip, Hindistan ykrar edildi. Seljerijileriň pikiriçe, hindiler kitap okamaga hepdede 10 sagat sarp edýärler. Ikinji orunda Taýland, üçünji orunda Hytaý durýar.