Turkmenportal logo
18.06.23
2568625686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň demirgazygynda sil joşmalary sebäpli ýedi adam heläk boldy, iki adam dereksiz ýitdi
Eýranyň demirgazygynda sil joşmalary sebäpli ýedi adam heläk boldy, iki adam dereksiz ýitdi

Eýranyň demirgazygyndaky Erdebil ülkesinde sil joşmalary sebäpli ýedi adam pida boldy, iki adam yzsyz-sorsuz ýitdi. Tebigy betbagtçylyga çabga ýagyşlary sebäp boldy diýip, TASS habarlar gullugy Eýranyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine salgylanyp habar berdi. Bu barada «Belta.by» saýty ýazýar.


Ýaramaz howa netijesinde ýurduň ülkeleriniň 12-siniň ýaşaýjylary ejir çekdi, 5,2 müň adama kömek berildi, 111 adama wagtlaýyn ýaşamak üçin öý bilen üpjün edildi. Dereksiz ýiten iki adamyň gözleg işlerine bäş topar gatnaşýar. Adamlar Tährandan Çalus şäherine eltýän ýolda çabga ýagýarka, dereksiz ýitdiler.