Turkmenportal logo
16.06.23
2725027250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ITEA» IT agşamyna gatnaşmaga çagyrýar

Aşgabatda 24-nji iýunda sagat 19:00-dan 20:00-a çenli IT agşamy formatynda çäre geçiriler. Oňa özi bilen pikirdeş adamlar bilen söhbetdeş bolmagy hem-de wagtyny peýdaly zatlara sarp etmegi halaýanlaryň ählisi çagyrylýar.


Bu çäre programma üpjünçiligini işläp taýýarlamalar babatda häzirki zaman konsepsiýalar bilen bagly bilimleri has-da çuňlaşdyrmaga ýardam eder. Şeýle-de bu ýerde gatnaşyjylar mentorlara döwrebap IT tehnologiýalar barada özlerini gyzyklandyrýan islendik sowallar bilen ýüzlenip bilýärler.


IT agşamynyň mentorlary:


Annanazarow Annanazar — «ITEA» halkara IT akademiýasynyň häzirki mentory; Fullstack — işläp düzüji. OOP — düşündiriji.


Aşyrow Hemra — «Coddy» çagalar programmirleme mekdebiniň hem-de «ITEA» halkara IT akademiýasynyň häzirki mentory; «Python» we «Backend» işläp düzüji.


Çäräniň girişi tölegsiz. Geçirilýän ýeri: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş nokady» ofisi.


IT agşamyna gatnaşmaga ýazylmak üçin şu salgylanma ýa-da (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz.