Turkmenportal logo
15.06.2023
1934419344
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistana Owganystanyň üsti bilen Türkmenistanda öndürilen suwuklandyrylan gaz eltildi

Özbegistandan we Türkmenistandan 21 sany suwuklandyrylan gaz tirkegli ulaglar demirgazyk-günbatar Haýber-Pahtunhwa welaýatynda ýerleşýän Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky Torham serhet geçelgesinden Pakistana geldi. Bu barada «Pakistan News» ýurduň gümrük gullugynyň wekiline salgylanyp habar berýär.


Lomaý eltip bermek we suwuklandyrylan gazy daşamak bilen meşgullanýan — merkezi Lahorda ýerleşýän «Epic Energy»-nyň habaryna görä, kompaniýanyň Türkmenistan bilen ýakyn wagtda ýene 5000 tonna suwuklandyrylan gaz import etmek barada şertnamasy bar.


Suwuklandyrylan gazy paýlaýjylar birleşiginiň başlygy Irfan Hokaryň sözlerine görä, ýurda getirilýän gazyň gysga ýol arkaly, ýagny Owganystanyň üsti bilen getirilmegi pakistan bazarynda bahalaryň durnuklaşmagyny üpjün edýär.


Ozal Suwuklandyrylan gazy paýlaýjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Ali Haýdar ýerli habar beriş serişdelerine şeýle görnüşli gazyň esasan içerki maksatlar üçin ulanylýan tebigy gazy çalşyp biljekdigini aýtdy.


Ýurtda sarp edilýän suwuklandyrylan gazyň, takmynan, 75%-i içerde öndürilýär, 25%-i bolsa ozal Pakistana esasan Aýlag ýurtlaryndan we Eýrandan getirilýärdi diýip, «Newscentralasia» ýazýar.


Ozal Pakistanyň Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan tebigy gazy import etmegi meýilleşdirýändigi barada habar beripdik.