Turkmenportal logo
14.06.23
2783627836
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny täjik ýaýlymy göni ýaýlymda berer
Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny täjik ýaýlymy göni ýaýlymda berer

Täjigistanyň «Futbol» we Özbegistanyň «Sport» teleýaýlymlary CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyryndaky Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirerler.


Iki ýaýlymda hem göni ýaýlym 14-nji iýun güni sagat 20:20-de başlanar. Duşuşygyň emini başlangyç jürlewügini bolsa 20:30-da çalar.


Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymynyň Türkmenistanda IPTV arkaly elýeterdigini ýatladýarys.


Duşuşyk Daşkent şäherindäki «Bunýodkor» stadionynda geçiriler.