Turkmenportal logo
12.06.23
2215022150
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jokowiç «Rolan Garrosda» çempion bolup, ATP reýtinginiň liderine öwrüldi
Surat: sport24.by

Dünýäniň üçünji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç «Rolan Garros» — 2023-iň finalynda norwegiýaly Kasper Ruudy ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň çempiony boldy.


3 sagat 16 minut dowam eden final oýny 7:6, 6:3, 7:5 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy.


Ýeri gelende bellesek, bu «Rolan Garros» «uly tuwulgasyndaky» üçünji çempionlygydyr. Ol umumylykda, 23 gezek «uly tuwulga» ýaryşlarynda çempion bolmagy başardy.


«Rolan Garros» — 2023-däki çempionlyk üçin 2 million 300 müň ýewro pul baýragyny hem-de 2000 reýting utugyny gazandy.


Şeýlelikde, ol ýene ATP reýtinginiň liderine öwrüldi.