Turkmenportal logo
10.06.2023
3074430744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF-niň kubogy: «Merw» bilen «Altyn asyr» ýoluny ýitgisiz dowam edýär

Şu gün, 10-njy iýunda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň 3-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Onuň netijesinde ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Merw” hem-de “Altyn Asyr” toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu tapgyryň çäginde “Merw” “Energetigi” ýeňlişe sezewar etse (2:1), “Altyn Asyr” “Şagadamdan” üstün çykdy – 2:0.


Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Ahal” “Aşgabady” ýeňmegi başardy – 4:0.


Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň “Merw” bilen “Altyn Asyr” toparlary toplan 9 utuklary bilen ýaryş tertibinde ýokarky orunlary eýeleýärler.


TFF-niň Kubogynyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji iýunda geçiriler: “Ahal” - “Merw”, “Altyn Asyr” - “Energetik”, “Aşgabat” - “Şagadam”.



3-nji tapgyryň duşuşyklary:


“Aşgabat” – “Ahal” – 0:4


Gollar: 48 Daýanç Meredow, 57 Döwran Hojamämmedow, 84 Adylbek Röwşenow, 88 Begenç Mämiýew (“Ahal”)


Geçirilen ýeri: Bagyr ýaşaýyş toplumynyň stadiony (Aşgabat ş.)



“Şagadam” – “Altyn Asyr” – 0:2


Gollar: 45+2 Söhbet Durdyýew, 90+5 Röwşen Halmämmedow (“Altyn Asyr”)


Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)



“Energetik” – “Merw” – 1:2


Gollar: 47 Reşit Çerkezow (“Energetik”) – 48 Musa Nurnazarow, 84 Myrat Öwezmyradow (“Merw”)


Bellik: “Merw” toparynyň oýunçysy Alibek Abdyrahmanow duşuşygyň 18-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.


Geçirilýän ýeri: “Babarap” stadiony (Ahal wel.)



Ýaryş tablisasy:


T/b Toparlar O Ý D U T U 1. “Merw” FK 3 3 0 0 9-3 9 2. “Altyn Asyr” FK 3 3 0 0 7-1 9 3. “Ahal” FK 3 2 0 1 7-2 6 4. “Şagadam” FK 3 1 0 2 2-5 3 5. “Energetik” FK 3 0 0 3 1-5 0 6. “Aşgabat” FK 3 0 0 3 1-11 0