Alýuminden we PWH materialyndan penjire we gapy çarçuwalaryny, taplanan aýnadan gapylary, aşhana örtüklerini we başga-da dürli önümleri öndürýän «Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti aýnadan we metaldan taýýarlanan germewler ýa-da plastik profilleri arkaly uly otaglary bölümlere bölmek hyzmatlaryny hödürleýär.
«Anyk Teklibiň» öndürýän germewleri bilen meýdany boýunça uly giňişlikleri has kiçi böleklere bölüp, iş üçin biri-birinden bölekleýin izolirlenen otaglary döredip bilersiňiz. Şeýle hem böleklere bölmek usulynyň kömegi bilen jaýlarda we öýlerde uly otaglary dürli maksatly iki zolaga (aşhana – naharhana, myhman otagy – iş zolagy we ş.m.) bölmek bolýar.
Saýlamak üçin dury aýnaly ýa-da dury däl (matowyý) aýnaly, şeýle hem UM usulynda şekiller çap edilen aýnaly nusgalar hödürlenýär.
«Anyk Teklibiň» ähli önümleri türk we hytaý öndürijileriniň döwrebap enjamlarynda taýýarlanylýar.
«Anyk Teklibiň» önümleriniň görnüşleri bilen tanşmak we sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagynyň çägi, Zerger köç., 3-nji jaý.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.
Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru
Şeýle-de okaň:
