Turkmenportal logo
26.05.23
3102131021
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Adam beýnisinde çip oturtmak boýunça synaglara rugsat berildi
Surat: tass.com

Amerikan işewüri Ilon Maskyň beýnide ornaşdyrmak üçin çipleri öndüriji «Neuralink» kompaniýasy adamlarda synag geçirmek üçin sazlaýjydan rugsatnama aldy diýip, «Report.az» ýazýar.«Biz FDA-dan (Azyk harytlarynyň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik boýunça edara) çipleri adamlarda klinika şertlerinde synag etmäge rugsat alandygymyzdan hoşal!» diýlip, ady tutulan kompaniýanyň habarnamasynda aýdylýar.


«Neuralink» kompaniýasynyň wekilleri munuň adamlara geljekde kömek etjek tehnologiýalary ulanyşa girizmekdäki ilkinji ädimdigini belleýärler.


Synaglara gatnaşjak adamlary toplamak barada bildiriş golaý wagtda yglan ediler.