Turkmenportal logo
18.05.23
1926219262
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýork gökdiränler sebäpli çökýär
Surat: ru.freepik.com

ABŞ-nyň geologiýa gullugynyň alymlarynyň geçirilen barlaglary Nýu-Ýork şäherindäki gökdiränleriň agram salmagy netijesinde şäheriň suwa çöküp başlandygyny görkezdi. Bu barada «Gazeta.ru» neşirine salgylanýan «Trend» ýazýar.


Şäherde binalaryň umumy agramy 770 million tonna töweregidir. Netijede, Nýu-Ýork her ýyl 1,2 mm aşak çokýär.


Alymlaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý şäheri tebigy betbagtçylyklaryň öňünde goragsyz goýýar. Has-da şäheriň Bruklin, Kuins we Aşaky Manhetten etraplaryna şeýle howp abanýar.


«Bu ýerde deňziň derejesiniň ýokarlanmagy Demirgazyk Amerikanyň bütin atlantik kenarýakasyndaky bilen deňeşdirilende, üç-dört esse ýokarydyr» diýip, ylmy-barlaglaryň awtory, geolog Tom Parsons aýdýar.