Turkmenportal logo
17.05.23
1939419394
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AFK Aşgabatda çagalar üçin futbol festiwalyny geçirdi

Ýakynda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň türgenleşik meýdanynda 8-12 ýaş aralygynda doglan oglan-gyzlaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite gurnalan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Şeýle-de, festiwalyň soňunda ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagyndaky çagalar festiwalyna çagalaryň 150 töwereginiň gatnaşandygyny ýatladýarys.