Turkmenportal logo
15.05.2023
1754817548
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewraziýa ösüş banky Türkmenistany banka agza ýurtlaryň hatarynda görmek isleýär

Ýewraziýa ösüş banky Türkmenistanyň banka agza ýurtlaryň hataryna goşulmagyna umyt bildirýär. Bu barada bankyň Geňeşiniň başlygy Nikolaý Podguzowyň sözlerine salgylanyp, «UzDaily.com» habar berdi.


Habar berlişi ýaly, Podguzow muny Türkmenistanyň banka goşulmagy baradaky islegini Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň maliýe ösüş institutlarynyň assosiasiýasynyň maslahatynda aýtdy.


«Banka agza ýurtlaryň hatarynda Türkmenistany we Azerbaýjany hem görmek isleýärin. Geljekde bu ýurtlar hem banka goşular diýip umyt edýärin» diýip, Podguzow belledi.


Şol bir wagtyň özünde, ol Ýewraziýa sebitiniň ähli ýurtlarynyň, şol sanda Özbegistanyň hem Ýewraziýa ösüş bankyna agza bolup biljekdigini nygtap geçdi.


Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Ýewraziýa ösüş bankynyň agzalygyna Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär.