Turkmenportal logo
14.05.23
2729627296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mingazow «Kitçiniň» düzüminde Gonkongyň Kubogyna mynasyp boldy

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow 2022/23-nji ýyldaky möwsümde Gonkongyň Kubogynyň ýeňijisi boldy.


Sişenbe güni «Kitçi» ýaryşyň finalynda «Gonkong Reýnjers» bilen duşuşyp, garşydaşyny 7:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Mingazow janköýerleriň arasyndan bu oýna tomaşa etdi. Sebäbi türkmenistanly oýunçy Gonkongyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynda «Li Man Uorriors» bilen oýunda alan gyzyl karty sebäpli Kubogyň finalynda meýdança çykyp bilmedi.



Bu üstünlik Mingazow üçin şu möwsümdäki üçünji trofeýdir. Ol mundan ozal ýurduň çempiony hem-de Gonkong Senýor Şild kubogynyň eýesi bolupdy. Netijeli geçen möwsümde Mingazow Gonkongyň çempionatynyň 18 oýnuda meýdança çykyp, 17 gol geçirmegiň hötdesinden geldi.


Ýeri gelende bellesek, Ruslan Mingazow 2022-nji ýylyň mart aýynda erkin agent hökmünde «Kitçiniň» düzümine goşulypdy. «Kitçi» 2023-nji ýylyň başynda Mingazow bilen şertnamanyň 2025-nji ýyla çenli uzaldylandygyny mälim etdi. Häzirki wagtda oýunçynyň transfer bahasy 550 müň ýewro barabar hasaplanýar.



Şeýle-de okaň: