Ruslan Mingazow «Kitçiniň» düzüminde Gonkongyň çempiony boldy

22:2207.05.2023
0
26285

«Kitçi» futbol topary ýerli çempionatyň ahyrky duşuşygynda «Li Man Uorriors» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, Gonkongyň çempiony boldy.

Şeýlelikde, bu toparyň düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow hem çempionlyk medalyna eýe boldy. «Transfermarkt» tarapyndan 550 müň ýewro baha kesilýän futbolçy çempionatyň tamamlanan möwsüminde 18 duşuşykda 17 gezek tapawutlanyp, iň netijeli futbolçylaryň biri bolmagy başardy.

1931-nji ýylda döredilen «Kitçi» futbol topary taryhynda 12 gezek ýurduň çempiony bolmagy başardy. Ruslan Mingazow bolsa mundan ozal 2008-nji ýylda «Aşgabadyň» düzüminde Türkmenistanyň, 2010-njy ýylda «Skontonyň» düzüminde Latwiýanyň, 2016 ― 2017-nji ýyllaryň möwsüminde «Slawiýanyň» düzüminde Çehiýanyň çempiony boldy.

«Kitçi» şu ýylyň ýanwar aýynda Ruslan Mingazow bilen 2025-nji ýyla çenli şertnamasyny täzeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň