Turkmenportal logo
10.05.23
4677146771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy
Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymanynyň ýadygärligine gül goýdy

Şu gün Täjigistanda saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täjik halkynyň milli gahrymany Ismoil Somoniniň ýadygärligine gül goýdy.


«Dusti» meýdançasynda ýerleşýän ýadygärlik toplumyna gelende, Serdar Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Serdar Berdimuhamedow Ismoil Somoniniň keşbini ebedileşdiren ýadygärlige gül dessesini goýup, görnükli döwlet işgäri hem-de hökümdaryň — Samany döwletini esaslandyryjynyň hakydasyny hatyralady. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.