Turkmenportal logo
10.05.23
2704827048
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Baý kaka, garyp kaka» kitabynyň awtory hümmetsizlenmeden goranmagyň usullaryny salgy berdi
Surat: getblock.net

Maýa goýumçylar dünýäde hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy hem-de banklaryň birgideniniň batmagy bilen baglylykda, kesgitli hususy serişdelere maýa goýmalydyrlar. Şeýle edilende, hümmetsizlenme o diýen howply bolmaz, bu barada «Baý kaka, garyp kaka» kitabynyň awtory Robert Kiýosaki aýtdy diýip, «Business Insider» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


«Kapitaly goramak üçin anyk bar bolan aktiwler çykyş edip biler. Maýa goýumçylara altyn, gozgalmaýan emläkleri, benzin we azyk harytlaryny satyn almak gerek» diýip, Kiýosaki nygtady.


Onuň sözlerine görä, altyn hümmetsizlenmeden esasy çykalga bolup durýar, sebäbi kagyz pul hakyky «zibil» diýip, maliýeçi hasaplaýar. Gozgalmaýan emläge maýa goýulmagy-da nyrhlaryň gymmatlamagyndan halas edip biler. Benzin bolsa ykdysadyýetiň jahankeşdelik ýaly pudagy üçin örän wajypdyr. Şonuň üçin bu haryt aktiwi hemişe durnukly derejede saklanar.


Galyberse-de, azyk harytlary ykdysadyýet üçin möhüm bolup durýar, şonuň üçin bu pudaga maýa goýmak gerek.


Kiýosaki özüniň hümmetsizlenmä garşy däl-de, onuň bilen bilelikde maýa goýýandygyny gürrüň berdi, sebäbi ýokarda sanalan hususy serişdeler hem hümmetsizlenme bilen deň ösýär.