Turkmenportal logo
03.05.23
2378123781
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «41-nji ýylyň zenanlary» atly täze spektaklyň görkezilişi bolar

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry ýeňiş güni mynasybetli «41-nji ýylyň zenanlary» atly täze spektakly taýýarlady. Sahna eseriniň görkezilişi 7-nji maýda bolar.


«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, spektakl tatar ýazyjysy Zaki Zainulliniň «Arbaly Hatynnar» pýesasyna esaslanyp goýuldy. Eserde kakalary, ogullary, ýanýoldaşlary we doganlary fronta gitmäge taýynlanýan alty aýalyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär.


Spektaklyň režissýoy Bagtyýar Abaýew. Spektaklda teatryň esasy aktrisalary — Anastasiýa Balandina, Adelina Nazarowa, Lýubow Ýemelýanowa, Anna Hommadowa we beýlekiler çykyş edýärler.