― Türkmenistanyň kubogy ― 2023-de häzire çenli iki duşuşyk geçirildi. Şolarda derwezelere jemi 8 pökgi girizildi.
― Deslapky tapgyryň «Arkadag» we «Energetik» futbol toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarynda jemi 6 futbolçy tapawutlandy. Olaryň ählisi hem «Arkadag» futbol toparynyň oýunçylarydyr.
― «Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew iki duşuşykda geçiren 3 pökgüsi bilen Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň şu möwsüminiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeleýär.
― Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Didar Durdyýew Kubok ýaryşynda 2015-nji ýyldan bäri hem iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda birinji orna geçdi. Ol şol ýyldan bäri «Hazyna», «Ahal» we «Arkadag» futbol toparlarynyň düzüminde Kubok ýaryşynda geçiren pökgüleriniň sanyny 14-e çykardy. Sanawyň ikinji ornunda soňky 9 möwsümde «Energetik», «Köpetdag» we «Şagadam» toparlarynyň düzüminde 12 gezek tapawutlanan Kerim Hojaberdiýew bar. Ilkinji üçlügi agzalan möwsümden bäri «Nebitçiniň» we «Altyn asyryň» düzüminde 9 gezek tapawutlanan hüjümçi Myrat Ýagşyýew jemleýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň kubogynda 2015-nji ýyldan bäri jemi 115 futbolçy tapawutlandy.
― Ýaryş bilen deslapky tapgyrda hoşlaşan Marynyň «Energetik» futbol topary Türkmenistanyň kubogyndaky duşuşyklarynyň sanyny 27-ä çykardy. Topar şol duşuşyklaryň 7-sinde garşydaşlaryndan üstün çykyp bildi. Duşuşyklarda «Energetigiň» 27 pökgüsine garşydaş toparlar 48 pökgi bilen jogap berdiler.
― Ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanan «Arkadag» futbol topary iki duşuşykda iki ýeňiş gazanyp, jemi 8 pökgi geçirdi. Topar Türkmenistanyň kubogynda heniz öz derwezesine pökgi geçirdenok.
― Türkmenistanyň kubogynyň şu möwsüminde derwezelere 8 pökgi geçirildi. Olaryň ählisi hem «Arkadag» futbol toparynyň wekillerine degişlidir.