Turkmenportal logo
01.05.2023
1867918679
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dubaý şäherinde krokodilleriň seýilgähi açyldy
Surat: point.md

Emirlikleriň Dubaý şäherinde krokodilleriň ilkinji seýilgähi açyldy, ol 20 müň inedördül metri tutýar diýip, «MIR 24» ýazýar.


Seýilgähde bu ýyrtyjy suw jandarlarynyň Aziýa, Afrika we Amerika ýurtlaryndan getirilen 250 sanysy bar. Olar çaga krokodillerden başlap, dürli ýaşdakylardyr.


Bu ýerde krokodilleri ýakyndan synlap, olaryň näme iýýändikleri bilen tanşyp bolýar. Bu diňe bir haýwanat bagy bolman, bir wagtda akwarium we tebigat muzeýidir diýlip, habarda aýdylýar.