«Nebitçiniň» futbolçysy Akmämmet Metdäýew toparyň düzüminde Ýokary ligadaky 19-njy goluny geçirdi. Bu netije bilen ol Türkmenistanyň çempionatynda «Nebitçiniň» hatarynda 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi. Dördünji orunda 24 gol bilen Azat Garajaýew bar.
Şeýle hem 3-nji tapgyrda Daýanç Orazgulyýew «Nebitçiniň» düzüminde Türkmenistanyň çempionatyndaky gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Ol toparyň düzüminde çempionatda 10 gol geçiren 17-nji futbolçy boldy.
«Nebitçiniň» 3-nji tapgyrda myhmançylykda «Aşgabady» 3:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Toparyň gollarynyň ikisini Akmämmet Metdäýew, birini Daýanç Orazgulyýew geçirdi.

