Turkmenportal logo
26.04.23
2533825338
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: bir bada iki topar möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynda ýene-de iki topar täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Olar Mary welaýatynyň «Merw» we «Energetik» toparlarydyr.


«Merw» öz meýdanynda geçen möwsümiň çempiony «Ahaly» 2:1, «Energetik» bolsa myhmançylykda «Şagadamy» 1:0 hasabynda ýeňdi.


Şeýlelikde, yzda galan üç tapgyrdan soň möwsümde «Şagadamdan» başga toparlar azyndan bir gezek ýeňiş gazanyp gördi. Häzir «Nebitçi», «Arkadag» we «Köpetdag» toparlarynda iki, «Altyn asyrda», «Aşgabatda», «Energetikde», «Merwde» we «Ahalda» bir ýeňiş bar.