Turkmenportal logo
25.04.23
2830628306
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» «Köpetdagy» uly hasapda ýeňdi
Türkmenistan Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasyndan alnan surat

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Arkadag» myhmançylykda uly hasap bilen «Köpetdagy» ýeňdi. Aşgabatda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy.


Şeýlelikde, «Arkadag» 6 utuk bilen turnir tablisasynyň ikinji ornuna geçdi. Birinji ýerde 1 oýun köp geçirip 1 utuk köp toplan «Nebitçi» barýar. 3 oýunda 6 utuk toplan «Köpetdag» bolsa güýçli üçlügi jemläp dur.