Turkmenportal logo
19.04.23
2128321283
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldunyň «Al-Nasry» ýerli çempionatda «Al-Hilaldan» asgyn geldi

«Al-Nasr» Saud Arabystanynyň çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda geçirilen duşuşykda «Al-Hilaldan» 0:2 hasabynda utuldy. Duşuşyk Er-Riýad şäherindäki Patyşa Fahd adyndaky stadionda geçirildi.


Duşuşykdaky gollaryň ikisini hem 42-nji we 62-nji minutlarda Angliýanyň «Mançester Ýunaýtediniň» ozalky hüjümçisi Odion Igalo geçirdi.


Myhman toparyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu duşuşyga başdan-ahyra çenli gatnaşdy. Ol 52-nji minutda sary kart görmekden başga hiç hili iş bitirip bilmedi.


Möwsümde üçünji gezek utulan «Al-Nasr» 53 utuk bilen ýaryş tertibinde ikinji orunda barýar. 49 utukly «Al-Hilal» bolsa dördünji basgançakda. Garaşylýan liderleriň ikisini hem yzda galdyryp, bu möwsümde ýaryşyň başyny «Al-Ittihad» topary çekýär.