Turkmenportal logo
18.04.23
4920849208
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Gyrgyzystana 60 million kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasyny iberdi

Şu ýylyň fewral aýynda Gyrgyzystan Türkmenistandan 62 million 50 müň kilowat sagat elektrik energiýasyny satyn aldy. Onuň jemi bahasy 161 million 580,7 müň soma deň boldy (1 kilowat sagatda 2,6 som). Bu Gyrgyzystanyň milli habar gullugy «Kabar» tarapyndan Gyrgyzystanyň milli statistika komitetine salgylanyp habar berildi.


Ýanwar-fewral aýlarynda Gyrgyzystan tarapyndan Gazagystandan 224 million 456,2 müň kilowat sagat elektrik energiýasy import edildi. Satyn alnan elektrik energiýasynyň umumy bahasy 577 million 34,4 müň soma deň boldy (1 kilowat sagat 2,57 som).


Umuman alanyňda, Gyrgyzystan 286 million 506,2 müň kilowat sagada deň bolan elektrik energiýasyny import etdi. Bu geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlary bilen deňeşdirilende 1,56 esse azdyr.


Ozal Türkmenistanyň soňky bir ýylda daşary ýurtlara elektrik eksportyny 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 30% ýokarlandyrandygy barada habar berilipdi.