Turkmenportal logo
17.04.23
6135861358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna girişýär

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy şu gije dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirer.


Bu toparçanyň duşuşyklary Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçirilýär, duşuşyklar 23-nji aprele çenli dowame eder. Ikinji dwizionyň «B» toparçasyna çykmak ugrundaky ýaryş 5 ýygyndynyň ― Lýuksemburgyň, Taýlandyň, Taýwanyň, Türkmenistanyň we ýer eýeleriniň arasynda geçiriler.


Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny şu gije ýer eýeleriniň wekilleri bilen geçirer. Keýptaun şäherindäki «Buzly stansiýa» sport toplumynda geçiriljek duşuşyk 23:00-da başlanar.


Baýram Allaýarowyň şägirtleriniň ertirki garşydaşlary Lýuksemburgyň, 20-nji apreldäki garşydaşlary bolsa Taýwanyň ýygyndylary bolar. Türkmen ýygyndysy «A» toparçada geçen ýyllarda iki gezek bürünç medala eýe boldy.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu günki garşydaşy ― GAR-yň ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde 51-nji orny eýeleýär. Ol Türkmenistanyň ýygyndysyndan 3 basgançak aşakdadyr. Iki ýygyndy mundan ozal taryhda bir duşuşyk geçirdiler. 2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çägindäki duşuşykda türkmen ýygyndysy 7:2 hasabynda ýeňiş gazandy.


Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2023-däki senenamasy:


  • Türkmenistan — GAR (17-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 23:00);
  • Lýuksemburg — Türkmenistan (19-njy aprel, Aşgabat wagty bilen 19:00);
  • Taýland — Türkmenistan (20-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 23:00);
  • Türkmenistan — Taýwan (23-nji aprel, Aşgabat wagty bilen 17:00).