Turkmenportal logo
15.04.23
3169631696
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda 15 oýunda 17 gol urdy

«Kitçi» topary futbol boýunça Gonkongyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda myhmançylykda «Sautern Distrikt» klubyndan üstün çykdy.


Duşuşyk 5:0 hasabynda «Kitçiniň» ýeňşi bilen tamamlandy. Myhmanlaryň türkmenistanly ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow toparynyň iki goluna awtorlyk etdi.


Bu ýeňişden soňra «Kitçi» hasabyndaky utuklaryny 42-ä ýetirdi. Topar häzirki wagtda Gonkongyň çempionatynda birinji ýerde barýar.


31 ýaşly Ruslan Mingazow «Kitçiniň» düzüminde geçen ýylyň mart aýynda goşuldy. Ol Gonkongyň çempionatynyň häzirki möwsüminde 15 oýunda meýdança çykyp, 17 goly öz adyna ýazdyrmagy başardy.