Arhiw

Ruslan Mingazow Gonkongyň «Kitçi» toparyna geçdi

12:1303.03.2022
0
5598

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow sport ýoluny Gonkongda (HHR) dowam etdirer. Onuň «Kitçi» futbol topary bilen şertnama baglaşandygy habar berildi. Şertnamanyň aýratynlyklary barada mälim edilmeýär.

Ruslan Mingazowyň ahyrky futbol oýnan topary Gazagystanyň «Kaspisi» bolupdy. Ol geçen möwsümde 20 duşuşykda 5 gezek tapawutlandy, şeýle hem 2 goluň ýardam pasyny berdi.

30 ýaşly ýarym goragçy Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda 26 duşuşyk geçirip, şolarda 4 gezek tapawutlandy. Ol Ýewropada Çehiýanyň «Slawiýa», «Ýablones», «Mlada-Boleslaw», «Prşibram», Latwiýanyň «Skonto», Gazagystanyň «Irtyş», «Şahtýor» we «Kaspiý» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi.

Transfermarkt häzirki wagtda Ruslan Mingazowa 450 müň ýewro baha kesýär.

«Kitçi» futbol topary 1931-nji ýylda döredildi. Ol Szýulun etrabyna wekilçilik edýär. «Kitçi» öz meýdanyndaky duşuşyklaryny «Wonkok» stadionynda geçirýär. Häzirki wagtda Gonkongyň Premýer-ligasynda ýaryşýan «Kitçi» ýurduň 11 gezek çempionydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň