Turkmenportal logo
11.04.23
3789937899
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Walensiýada dört günlük iş hepdesi synag ediler
Surat: visitvalencia.com

Ispaniýanyň Walensiýa şäheriniň häkimiýetleri dört günlük iş hepdesini synag etmekçi bolýarlar. Bu barada şäheriniň häkimligi habar berdi diýip, TASS ýazýar.


Habarnamada munuň dünýäde ilkinji synanyşykdygy bellenýär. Synag 7-nji maýa çenli dowam eder. Dynç güni diýlip yglan edilen ähli duşenbe günleri Walensiýada baýramçylyk günlerine gabat gelýär.


Synagyň barşynda gysgaldylan iş hepdesiniň adamlaryň saglygyna, abadançylygyna, daşky gurşawa hem-de ykdysadyýete täsirini öwrenmekçi bolýarlar. Bu aýratyn hem söwdada, jahankeşdelik pudagynda we göwünaçyşlyklar ulgamynda möhümdir.


Synagyň netijeleri iýul aýynda yglan ediler diýlip, garaşylýar.