Turkmenportal logo
10.04.23
4095140951
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aleksandr Lukaşenko Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny iberdi
Aleksandr Lukaşenko Gurbanguly Berdimuhamedowa  gynanç hatyny iberdiSurat: aa.com.tr

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ejesiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «BelTA» Belarus Lideriniň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.


Aleksandr Lukaşenko gynanç hatynda şeýle belleýär:


— Çuňňur gynanç duýgusy bilen Size iň ýakyn we eziz adamyň — ejeňiziň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirýärin. Ogulabat Berdimuhamedowa türkmen zenanynyň hakyky mertebesiniň we asyllylygynyň mysaly hökmünde ýadymyzda galar. Häzirki agyr pursatlarda Size, maşgalaňyza we ähli ýakynlaryňyza sabyr we gaýratlylyk dileýärin. Ene söýgüsi we mähriban ynsanyňyz bilen bagly ýagty ýatlamalar bu gynançly günlerde size medet bersin!

Aleksandr Lukaşenko Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç hatyny iberdi | Turkmenportal.com