Turkmenportal logo
10.04.23
5232252322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban Berdiýew «Soçiden» gitdi

Türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew Russiýanyň «Soçi» klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi. Toparyň ýolbaşçylar düzümi Gurban Berdiýew bilen hoşlaşmak barada karara gelendiklerini mälim etdiler. Indi topary wagtlaýyn baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Dmitriý Hohlow oýunlara taýynlar.


Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde «Soçi» 5 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 2-si «Soçiniň», 3-si bolsa garşydaşlaryň peýdasyna tamamlandy.


Ozal habar berşimiz ýaly, Gurban Berdiýew «Soçiden» ozal Eýranyň «Traktor» klubuna halypalyk edipdi.


Gurban Berdiýewiň indiki tälimçilik etjek topary barada heniz takyk maglumat ýok.