Turkmenportal logo
10.04.23
5652756527
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 10 minutda eltip berme hyzmatyny hödürleýän ilkinji onlaýn dükan döredildi

Türkmenistanda iň gysga wagtda eltip bermek hyzmaty boýunça ilkinji onlaýn-platformasy bolan asmanexpress.com işe girizildi. Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary söwda meýdançasynyň saýtynda iki hyzmatdan peýdalanyp bilerler: «Asmanexpress» we «Asman mega».


«Asmanexpress» – bu sargytlary sarp edijilere 10 minudyň dowamynda eltip bermek boýunça özboluşly hyzmatdyr. Hyzmatyň tekjelerinde 1500-den gowrak haryt hödürlenýär, olaryň hatarynda azyk önümleri, hojalyk himiýa serişdeleri, öý we çagalar üçin harytlar bar.


«Asmanexpress» ilkinji üç sargyt üçin eltip bermek hyzmatyny mugt amala aşyrýar we ilkinji söwda üçin 15 manat sowgat berýär.



«Asman mega» – bu iri internet-hyzmat ediş ulgamydyr, onda 15 kategoriýa bölünen 5000-den gowrak haryt jemlenendir: azyk önümleri, konditer önümleri, dokma önümleri, haýwanlar üçin harytlar, hojalyk himiýa serişdeleri, kosmetika serişdeleri, kanselýariýa harytlary we beýlekiler. Hyzmatyň çaparlary sargytlary bellenen ýere 45-60 minudyň dowamynda eltip berýärler.


«Asman mega» ilkinji üç sargyt üçin eltip bermek hyzmatyny mugt amala aşyrýar we ilkinji söwda üçin 20 manat sowgat berýär.



Mundan başga-da, paýtagtyň ýaşaýjylary «Google Play» we «App Store» ulgamlarynda ýükläp almak üçin elýeterli bolan «Asmanexpress» ykjam programmasy arkaly söwda edip bilerler. Ykjam programmany ulanyjylara bonuslar, sowgatlar we arzanladyşlar garaşýar.