Turkmenportal logo
09.04.23
2672926729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň Prezidentinden gynanç hatlary gelip gowuşdy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen döwletiniň Baştutanynyň enesi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelip gowuşdy.


— Siziň eneňiziň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Siziň Alyhezretiňize, Siziň maşgalaňyza we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjymy we duýgudaşlygymy beýan edýärin — diýip, Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýollan gynanç hatynda ýazýar.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gynanç hatynda hem BAE-niň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär hem-de bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanjyny we duýgudaşlygyny beýan edýär.