Turkmenportal logo
09.04.23
4041440414
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Baýer» ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy
«Baýer» ýene-de ýeňdi, Azmun ýene-de gol urdy

«Baýer» Germaniýanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynda «Aýntrahty» ýeňlişe sezewar etdi. Lewerkuzen şäherinde geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Oýundaky gollaryň birine eýranly türkmen asylly oýunçy Serdar Azmun awtorlyk etdi. Has takygy, «Baýeriň» düzüminde Amin Adli, Mussa Diabi hem-de Serdar Azmun öz adyna gol ýazdyrdy. Myhmanlaryň ýeke-täk goly Jibril Sou tarapyndan derwezä gönükdirildi.


Azmun duşuşygyň 70-nji minutynda ätiýaçdan oýna goşulyp, oýnuň soňky minutlarynda derwezeçi bilen ýekeme-ýeke pursatda tapawutlanmagy başardy. Şeýlelikde, Azmun Bundesliganyň şu möwsümindäki gollarynyň sanyny dörde ýetirdi.


Oýnuň netijesine görä «Baýer» (43) turnir tablisasynda «Aýntrahty» (41) yzda galdyryp, altynjy orna geçdi.


Ýeri gelende bellesek, Azmun ýaryşyň geçen tapgyrynda hem ätiýaçdan oýna goşulyp, gol urmagyň hötdesinden geldi. Geçen gezek ol «Şalkeniň» derwezesine gol geçiripdi.