Turkmenportal logo
08.04.23
5390753907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa gynanç bildirdi
Surat: ria.ru

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç haty geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Siziň käbäňiziň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanjymy kabul ediň! Size we Siziň maşgala agzalaryňyza öwezini dolup bolmajak, agyr ýitgi pursadynda kalbyňyza rahatlyk hem-de sabyr-takat dileg edýärin — diýip, Russiýa Federasiýasynyň döwlet Baştutany gynanç hatynda belleýär.