Turkmenportal logo
28.03.23
3395733957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Federasiýasynda ömrüň dowamlylygy artýar
Surat: migranturus.com

Russiýa Federasiýasynda ömrüň garaşylýan dowamlylygy geçen ýylyň jemleri boýunça 72,76 ýaşa çenli uzaldy, bu görkeziji 2021-nji ýylda 70,1 ýaşa deň bolupdy diýip, «RBK» neşiri ýurduň Statistika edarasyna salgylanyp habar berdi.


Habarda ömrüň dowamlylygynyň ýyllyk ösüşiniň 2,66 ýyla deň bolandygy bellenýär, bu 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri iň ýokary görkezijidir.


Öň pandemiýa sebäpli ýurtda ömrüň dowamlylygy 2020-nji ýylda 1,8 ýyl, 2021-nji ýylda bolsa ýene 1,4 ýyl azalypdy.


Russiýanyň häzirki taryhynda agzalan ýyllyk görkeziji hiç haçan 1,3 ýyldan artyk ösüş görkezmändi.


Öň RF-niň Saglygy goraýyş ministrligi ýurtda erkekleriň arasynda hasaba alynýan ölümiň 81 göteriminiň tarpa-taýyn aradan çykma bilen baglydygy barada maglumatlary ýalana çykardy, aslynda bu görkeziji aradan çykýanlaryň 1 göteriminden hem azdyr diýip, ministrlik habar berdi.