Turkmenportal logo
27.03.23
3639536395
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,73 milliard dollardan geçdi

2023-nji ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň mukdary 1,73 milliard dollardan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterimden ýokarydyr.


«Interfax»-yň Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň metbugat gullugyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň Hytaýa eksporty 1,61 milliard dollardan gowrak bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim ýokarydyr. Şu ýylyň iki aýynda Türkmenistan Hytaýdan 40,17 million dollardan gowrak önüm import etdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 1,6% azdyr.