Turkmenportal logo
24.03.23
3684336843
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy

«Kitçiniň» türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynda aýyň gowy oýunçysy saýlanyldy. Bu barada ýurduň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.


BOC Life-yň hemaýatkärliginde geçirilen ses berlişige Gonkongyň sport žurnalistleri assosiasiýasynyň agzalary gatnaşdylar. Ol mart aýyndaky duşuşyklarda dört oýunda 5 gol geçirdi.


Umuman, Gonkongyň çempionatynyň şu möwsüminde Mingazowyň 15 duşuşykda 15 goly bar. Ol möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda çernogoriýaly Deýan Damýanowiçden soň ikinji orny eýeleýär. Onuň topary ― «Kitçi» bolsa 39 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji orundaky «Li Manda» 37 utuk bar.