Turkmenportal logo
23.03.23
2894528945
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan rus bazarlaryna 17 müň tonna golaý pomidor eksport etdi
Surat: aussiedlerbote.de

Türkmenistan Russiýanyň bazarlaryna pomidor üpjünçiliginiň möçberini ýylyň-ýylyna artdyrýar. 2023-nji ýylyň başyndan bäri bolsa Moskwa sebitine Türkmenistanda öndürilen pomidorlaryň 17 müň tonna golaýy ugradyldy.


«Rosselhoznadzor»-yň Moskwa we Tula sebitleri boýunça edaralarynyň hünärmenleri Türkmenistandan Moskwa sebitiniň çägine iberilen pomidor tapgyrlaryna karantin-fitosanitar gözegçiligini amala aşyrdylar.


Bütin Russiýa Ösümlik Karantin Merkeziniň (FGBU «VNIIKR») hünärmenleri bu önümleriň karantin-fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan barlaghana gözleglerini geçirdiler. Gözegçilikden üstünlikli geçensoň, pomidorlar erkin satuwa çykaryldy diýlip, habarda bellenilýär.