Turkmenportal logo
15.03.23
4930349303
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Merkezi Aziýada iň arassa howaly döwlet diýlip ykrar edildi
Surat: iqair.com/turkmenistan

Geçen ýylyň jemlerine görä, Howanyň hili boýunça Bütindünýä reýtinginde («World Air Quality Index») 44-nji ýeri eýelän Türkmenistan Merkezi Aziýadaky iň arassa howaly döwlet hökmünde hasaba alyndy.


Türkmenistan degişli reýtingde tutuş dünýäde 44-nji orny eýeledi we Merkezi Aziýada iň gowy görkezijä eýe döwlet hasaplanýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) işläp düzen talaplaryna laýyklykda geçirilen seljermeler ýurtlaryň ilatynyň ömür dowamlylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy, saglyk-arassaçylyk, jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň berjaý edilmegi bilen bagly ýola goýlan işler esasynda geçirilýär.


Howanyň hili boýunça Bütindünýä reýtinginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, sanawda Gazagystan 40-njy, Gyrgyzystan 24-nji, Özbegistan 20-nji ýerde orun aldy (Reýtingde döwletiň orny näçe öňde bolsa, ol ýurtda howanyň hiliniň şonça pesdigini görkezýär — red.).


Reýtingde Merkezi Aziýa döwletleriniň paýtagtlarynyň arasyndaky netijeler boýunça geçirilen seljermelere görä, sanawda Astana 42-nji, Aşgabat 43-nji, Daşkent 22-nji, Duşanbe bolsa 9-njy orunda ýerleşdirilipdir.