Turkmenportal logo
15.03.23
1535315353
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: «Senagatbank» bassyr ikinji ýeňşini gazandy

«Senagatbank» futzal topary Naýbaşy liganyň täze möwsümindäki ikinji ýeňşini hem gazandy. Birinji tapgyrda «Milli goşuny» 4:1 hasabynda ýeňen topar ikinji tapgyrda «Migrasiýadan» 3:1 hasabynda üstün çykdy.


«Migrasiýa» bolsa täze möwsümde bassyr ikinji duşuşygynda hem utulyşdan halas bolup bilmedi.


Iki duşuşykda 7 pökgi geçirip, 6 utuk toplan «Senagatbank» eýýämden öňdebaryjylaryň hataryna goşulmagy başardy. Topar 16-njy martda geçiriljek üçünji tapgyrda geçen möwsümiň çempiony ― Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal topary bilen duşuşar. Şol gün sagat 14:00da «Migrasiýa» «Gümrükçi» bilen güýç synanyşar.


Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna Daşoguz şäherinde badalga berlendigini ýatladýarys.