Turkmenportal logo
10.03.23
3679536795
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow ― Englikas tutluşygyna nirede tomaşa edip bolar?

10-njy martdan 11-nji marta geçilýängije ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki «SAP Senter» sport toplumynda Bellator 292 agşamy geçiriler.


Agşamyň esasy tutluşygy russiýaly Usman Nurmagomedow bilen amerikaly Benson Hendersonyň arasyndaky çempionlyk tutluşygy bolar.


Biz bu agşamda türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň tutluşygyna hem tomaşa edip bileris. Onuň garşydaşy litwaly Julius Englikasdyr.


Agşamyň deslapky kardynyň tutluşyklary Aşgabat wagty bilen daňdan sagat 05:25-de, esasy kardy bolsa 08:00-da başlanar.


Bellator 292-ä «Setanta Sports» teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bolar. Russiýanyň «Çempionat» saýty bolsa ýazgy görnüşinde ýetirer.