Turkmenportal logo
10.03.23
2215022150
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li Sdn Bhd» kom­pa­ni­ýa­sy ök­de hü­när­li da­laş­gär­le­ri işe ça­gyr­ýar

Şu gün türkmen metbugatynda berlen bildirişe görä, «PET­RO­NAS Ça­ri­ga­li (Türk­me­nis­tan) Sdn Bhd» kom­pa­ni­ýa­sy ök­de hü­när­li da­laş­gär­le­ri işe ça­gyr­ýar.


  • Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (programmany dolandyrmak boýunça).

Bildirilýän talaplar:


Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:


Bilimi: inženerçilik, maglumatlar tehnologiýasy, kompýuter ylymlary, matematika we ykdysadyýet boýunça ýokary bilimi bolmaly.


Iş tejribesi: iri nebit-gaz kompaniýalarynda maglumatlary, maglumatlar binýadyny, resminamalary we sanly programmalary dolandyrmakda 3 ýyla çenli tejribesi bolmaly.


Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.


Endikleri we başarnyklary: «MS Offiee» programmasy bilen işlemegi başarmaly.


  • Gyýanly obasynda işlemek üçin kömekçi (hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça).

Bildirilýän talaplar:


Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:


Bilimi: maglumat tehnologiýasy, (MT) ýa-da elektronika boýunça şahadatnamasy ýa-da diplomy bolmaly.


Iş tejribesi: 3 ýyla çenli talaba laýyk tejribesi bolmaly.


Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.


Endikleri we başarnyklary: maglumatlar tehnologiýasy boýunça başarnyklary bolmaly.


  • Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (tehnologik iş ýagdaýy boýunça).

Bildirilýän talaplar:


Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:


Bilimi: degişli institutyň tehniki dereje berýän diplomy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly, şeýle hem «PETRONAS» Nebit we gaz tehnologiýalar institutynda (INSTEP) nebiti gazyp almak tehnologiýasy Maksatnamasy boýunça okuwy tamamlamaly.


Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 15 ýyla çenli gazyp almak, mehanika, elektrik we barlag-ölçeg abzallary boýunça subut edilen bilimi hem-de endikleri bolmaly.


Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.


Endikleri we başarnyklary: «MS Offiee» programmasyny bilmeli.


Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasynda alyp bilersiňiz («B» blok).


Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap 1 hepdeden gijä galman «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@5)petronas.com.my elektron salgysyna ugradylyp bilner.


Söhbetdeşlige diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.