Turkmenportal logo
09.03.23
3154731547
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jonni Depp nakgaşlyk eserleriniň satuwyndan 5 million dollar gazandy
Surat: secretmag.ru

Amerikaly aktýor we režissýor Jonni Depp öz nakgaşlyk işleriniň satuwyndan 5,4 dollar gazandy diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Artistiň eserleriniň arasynda meşhur kinoýyldyzlardyr ýazyjylaryň keşpleri şekillendirilipdir. Olar Londondaky «Castle Fine Art» galareýasynda goýuldy we birnäçe günüň dowamynda satyn alyndy. Şonda bir surat eseriniň bahasy 5,4 dollar dollar boldy.


Depp satuwlaryň netijesine haýran galandygyny gizlemedi. Ol: «Köp ýyllap men kinoişewürlikdäki kärim bilen meşgullandym. Emma hemişe surat çekmek ýa-da ýazyjylyk bilen meşgullanasym gelýärdi» diýip, gürrüň berdi.