Turkmenportal logo
08.03.23
4204242042
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aýly şöhle» kärhanasy Türkmenistanda üçek we diwar sendwiç-panellerini öndürýär

«Aýly şöhle» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde diwarlyk we üçek üçin niýetlenen sendwiç-panelleri öndürmek bilen meşgullanyp gelýär. Kärhana PUR penopoliuretanly we PIR penopoliizosianuratly sendwiç-panelleri öndürmäge ýöriteleşendir.


Birinji bellenip geçilen PUR panelleri — gurşawy ýylatmak, ammarlary, sowadyjyly kameralary gurmak ýaly işlerde peýdalanmak üçin niýetlenendir.


PIR panelleri bolsa diwarlary hem-de jaýyň ýokary bölegini örtmekde ulanylýar. Onuň PUR panelinden tapawudy oda çydamly bolmagydyr.



«Aýly şöhle» kärhanasy — galyňlygy 10 santimetre çenli, ini 1metr hem-de uzynlygy 12 metre çenli bolan sendwiç-panelleri öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap önümhanadyr. Izolýasiýa dykyzlygy 35 - 40 kg / m3-e deňdir.


Kärhananyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, «Aýly şöhle» HJ-niň sendwiç-panelleriniň bahalary daşary ýurtly öndürijileriňkiden ortaça 20-30% pesdir.


«Aýly şöhle» HJ-niň ähli önümleriniň «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynda sertifikatlaşdyrma işlerini geçendigini bellemek gerek (TŞ 16302890-01-2019).



Mundan başga-da, türkmen öndürijisiniň sendwiç-panelleri ýokary gidrotermiki izolýasiýa aýratynlyklaryna eýedir we olar ýangyna durnuklylygy babatda ýangyn topary (Ý2) bilen synag edildi. «Aýly şöhläniň» PUR we PIR ýylylyk örtükleri içerki bazarda, şeýle-de daşary ýurtlarda satylýar.


«Aýly şöhle» kärhanasynyň ýene-de bir tapawutly aýratynlygy — bu önümleriň müşderiniň berýän çig maly esasynda hem taýýarlamak mümkinçiligidir.



Şonuň ýaly-da, «Aýly şöhle» kärhanasy Türkmenistanyň telekeçilerine zawody kärendesine bermek ýa-da satmak üçin eýeçilige geçirmek mümkinçiligi barada hem habar berýär.


Habarlaşmak üçin:


  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 1953-nji köçe (ozalky Molodýožnaýa), 60-njy jaý;
  • Telefon belgileri: (+993 62) 49 80 77;
  • Elektron poçta salgysy: aylysohle@gmail.com.