Turkmenportal logo
06.03.23
2231422314
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azmun «Baýeriň» düzüminde bassyr ikinji oýunda gol urdy

«Baýer» klubynyň hüjümçisi Serdar Azmun Bundesliganyň şu möwsümindäki ikinji goluny urdy. Ol bundesliganyň 23-nji tapgyryndan orun alan «Gerta» bilen oýunda tapawutlandy.


«Baý-Arena» stadionynda geçirilen oýun 4:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Azmun oýnuň 12-nji minutynda Jeremi Frimpongyň pasyndan soňra hasaby açdy.


Şeýlelikde, Azmun bassyr ikinji oýunda öz adyna gol ýazdyrmagy başardy. Mundan başga-da, ol Germaniýanyň çempionatynyň soňky üç tapgyrynda «gol+pas» ulgamynda 3 utuk gazandy.


Mundan ozal Serdar Azmun bundesliganyň 22-nji tapgyrynda «Fraýburg» bilen bolan oýunda gol urdy. Şol duşuşygyň 67-nji minutynda Azmun tarapyndan geçirilen dürs urgy «Baýeri» ýeňlişden halas etdi.


Ýeri gelende ýatlatsak, Azmun «Baýeriň» düzümine 2022-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. Eýranly türkmen asylly hüjümçi bundesliganyň şu möwsüminde 13 oýunda meýdança çykdy.